«Conservation and sustainable use of globally significant biological diversity in Hazar State Reserve on the Caspian Sea Coast»




Content View Hits : 390930
ATOM 0.3
OPML
RSS 2.0
Baş sahypa


International Year of Biodiversity

2010-njy ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Biodürlüligiň Halkara Ýyly diýilip yglan edildi. Bu bolsa planetada ýaşaýşyň we biodürlüligiň biziň ýaşaýşymyz uçin gymmatynyň baýramçylygydyr. 
Dünýa jemgyýeti 2010-njy ýylda planetada ýaşaýşyň dürli görnüşlerini, ýagny biodürlüligi gorap saklamak uçin hereket etmäge çagyrylýar.

 


TASLAMA BARADA MAGLUMAT

BMGÖM, BEG-niň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasy öz işine 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda başlady. Taslama 4 ýyla niýetlenendir we 2010-njy ýylyň oktýabryna çenli dowam etdi.

Maksady – ýurdumyzyň goralýan ýerleriniň milli ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli biodürlüligini aýap saklamakdyr.

Taslamanyň baş wezipesi Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň (AGTÝ) ähli ulgamynda görkezmek we gaýtalamak bilen, Hazar döwlet goraghanasynyň binýadynda tebigy baýlyklary aýap saklamaga we olary dolandyrmaga täzeçe bilelikde we uýgunlaşdyrylan çemeleşmekligi gözlemekden ybaratdyr.

Taslamanyň esasy düzüm bölekleri (komponentleri):

  1. Hazar döwlet goraghanasyny dolandyrmak mümkinçiliginiň pugtalandyrmagy we ony aýap saklamagyň netijeliligi.
  2. Soňra Hazar goraghanasyny gurşap alýan önümçilik pudaklaryna ornaşdyrmak üçin, edaralar arasyndaky mümkinçiligi utgaşdyrylan kenarýakalaýyn dolandyryşyň döredilmegine we biodürlüligi aýap saklamak boýunça wezipelere gönükdirmek.
  3. Peýdalanylýan tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmekligi güýçlendirmek üçin Hazar goraghanasynyň we ýerli ilatyň arasynda özara düşünişmekligi guramak.
  4. Taslamanyň gazanan iň ýokary netijelerini AGTÝ-iň Milli ulgamyna ornaşdyrmak.

PDFPrintE-mail Hazarýaka obalarynyň ýaşaýjylary ýerli şertlerde balyklary we ördekleri ösdürmek boýunça okuw seminaryna gantaşdylar

Aşgabat, 1 oktýabr 2010 – Balkan welaýatynyň Çekiçler, Garagöl, Belek we Gyzylsuw hazarýaka obalarynyň ýaşaýjylary Garagöl obasynda geçirilen seminaryň dowamynda ýerli şertlerde ördekleri we balyk hojalygyny ösdürmek boýunça öz bilimlerini we tejribelerini artyrmaga mümkinçilik aldylar. Bu seminar BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň, Dünýä ekologiýa gaznasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň bilelkdäki taslamasynyň Kaspi deňziniň biologiki baýlyklaryna antropogen täsirini azaltmak maksady bilen ýerli ilatyň arasynda hojalygy alyp barmaklygyň alternatiw görnüşlerini döretmek maksady bilen geçirýän çärelriniň bir bölegidir.

Read more...

 

PDFPrintE-mail Hazarýaka obalarynyň ýaşaýjylary kiçi oazis ekerançylygyň netijeli usullaryny öwrenýärler

Hazarýaka obalarynyň ýaşaýjylary kiçi oazis ekerançylygyň netijeli usullaryny öwrenýärlerAşgabat, 28 sentýabr 2010 – Balkan welaýatynyň Çekiçler, Garagel, Belek we Gyzylsuw hazarýaka obalarynyň kiçi oazis ekerançylygy bilen meşgulanýan ýaşaýjylary BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Dünýä ekologiýa gaznasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasy tarapyndan gurnalan seminaryň dowamynda öz bilimlerini we tejribelerini artyrmaga mümkinçilik aldylar.

Read more...

 

PDFPrintE-mail Kaspiýaka ýurtlarynyň ýaşaýjylary ýerli şertlerde guşçylygyň we maldarçylygyň netijeli usullaryny öwrenýärler

Kaspiýaka ýurtlarynyň ýaşaýjylary ýerli şertlerde guşçylygyň we maldarçylygyň netijeli usullaryny öwrenýärlerAşgabat, 25 awgust 2010 – Balkan welaýatynyň Çekiçler, Garagöl, Belek we Gyzylsuw kaspiýaka obalarynyň ýaşaýjylary Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak maksady bilen öý hojalygynyň altrenatiw usuly hökmünde guşçulyk we maldarçylyk bilen meşgulannyp başlanlar üçin BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Dünýä ekologiýa gaznasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasy Balkanabat şäherinde 1 günlük seminar gurnady.

Read more...

 
© 2007-2010 MNP/GEF/UNDP
Ashgabat, Turkmenistan
744000 Turkmenistan, Ashgabat, Bitarap Turkmenistan str., 15, room 31
(+993 12) 398 357, (+993 12) 391 633, This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it